ebook img

Türkmen dili V PDF

312 Pages·2015·8.843 MB·Turkmen
Save to my drive
Quick download
Download
Most books are stored in the elastic cloud where traffic is expensive. For this reason, we have a limit on daily download.

Preview Türkmen dili V

S. Güjükow, K. Sähedowa TÜRKMEN DILI Umumy orta bilim berýän mekdepleriň V synpy üçin okuw kitaby täzeden işlenilen ikinji neşir Türkmenistanyň bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2015 UOK 373:81 G 88 Güjükow S., Sähedowa K. G 88 Türkmen dili. Umumy orta bilim berýän mekdeple­ riň V synpy üçin okuw kitaby – A.: Türkmen döwlet neşir­ ýat gullugy, 2015. Şertli belgiler — soraglar — kadalar we nazary maglumatlar — ýumuşlar TDKP № 179, 2015 KBK 81.2(2 Tü) ýa 72 © S. Güjükow, K. Sähedowa, 2015. TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW 4 TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY Janym gurban saňa, erkana ýurdum, Mert pederleň ruhy bardyr köňülde. Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur, Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim­janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Gardaşdyr tireler, amandyr iller, Owal­ahyr birdir biziň ganymyz. Harasatlar almaz, syndyrmaz siller, Nesiller döş gerip gorar şanymyz. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim­janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ene dilimiziň söz baýlygyny ýygnamak, öwrenmek hakyndaky sargytlary Türkmen halkynyň durmuşyny, ykbalyny, sözüniň hem-de sazynyň şirinlik gymmatyny özünde jemleýän edebi gymmatlyklary köpdür. * * * Biziň ene dilimiz öz gözbaşyny oguz handan alyp gaýdýan, ähli türki halklaryň dilleriniň esasyny düzýän dildir. Şoňa görä-de biziň dilimiz ähli türki halklar üçin düşnükli bolmak bilen, ol öz tebigaty boýunça dünýäniň esasy dilleriniň hatarynda durmaga mynasypdyr. Ene dilimizi şeýle derejä çykarmagyň ýollaryny geçmişdäki beýik akyldarlarymyzdan öwrenmelidiris. * * * Dana pederleriň asylly nesilleri hökmünde biz bu gün beýik söz ussatlarymyzyň dünýä edebiýatynyň, adamzadyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryna çäksiz buýsanmalydyrys we guwanmalydyrys. * * * Türkmen dilini öwrenmek we ösdürmek häzirki günüň we ýakyn geljegiň derwaýys wezipeleriniň biridir. 7 * * * Ene dilimize aýawly çemeleşmek, onuň arass alygyny we baýlygyny saklamak häzirki döwürde jemgyýetiň, ilkinji nobatda bolsa ýurdumyzyň edebiýat we sungat işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş seriş deleriniň wekilleriniň öňündäki möhüm wezipedir. GEÇILENLERI GAÝTALAMAK Uzyn çekimlileriň ýazuw düzgüni Türkmen milli elipbiýinde uzyn çekimli sesleri aňladýan ýörite bellikler ýok. Türkmen milli elipbiýimizde dokuz sany çekimli ses bar: a, o, u, y; ä, ö, ü, i, e. Şol çekimlilerden e sesi hemişe gysga aýdylýar: ene, keçe, köçe, serçe, elek... Şol çekimlilerden ä sesi, köplenç, uzyn aýdylýar. Meselem: ädik, käşir, çäge, bäbek, däne... Ýatlama: ä sesi hem uzyn, hem gysga aýdylmak häsiýetine eýedir. Eger ä harpy h harpyndan öň gelse, onda gysga aýdylýar. Meselem: zähmet, jähek, mähir, bähbit... Eger ä harpy h harpyndan soň gelse, onda uzyn aýdylýar. Meselem: häkim, häsiýet, häzir, häli. Galan 7 çekimli hem uzyn, hem gysga aýdylýar. Meselem: Watan, jam, jaň, tabak. türkmen elipbiýinde y, i sesleriniň aýdylyşyn daky uzynlygy görkezýän ýörite bellikler ýok. Ýatlama: Belli­belli sözlerde ü sesiniň uzynlygy soňundan gelýän ý çekimsizi bilen aňladylýar: çüý, küý, süýt, güýz, süýji. Bu kada ýazuwda­da saklanylýar. u sesiniň uzynlygy sözleýişde w sesiniň aýdylmagy bilen aňladylýar: Suwhan, suwrat, suwgun, duwlamak ýaly aýdylýar, emma Suhan, surat, sugun, dulamak ýaly ýazylýar. 9 y, i sesleriniň uzynlygy sözleýişde ý sesiniň aýdyl­ magy bilen aňladylýar: iýge, iýgenç, iýşik, iýlgençek, gyýsga, gyýşyk, gyýnanç ýaly aýdylýar, emma ige, igenç, ilgençek, işik, gysga, gyşyk, gynanç ýaly ýazylýar. 1. Okaň we göçüriň. Diňe çekimlisiniň gysga hem­de uzyn aýdylmagy sebäpli, dürli many aňladýan sözleriň aşagyny çyzyň. Aşagyny çyzan sözleriňiziň manysyny düşündiriň. Arslan, ejem üçin owadanja bägüllerden ýol! How­ lymyzyň aşak eteginden ýol geçýär. Jigim, gapyny ýap! Mellegimize ýap çekdik. Biz guşlara iým berdik. Biz matadan garantga üçin köýnek tikdik. Jennet, saňa joraň garaşyp dur. Eziz, dur, men häzir gelerin. Bahar, bar, eneňlerden süýt alyp gel! Gönezlik getirme, özü­ mizde bar. Ata, çukury beýleräkden gaz, sebäbi bu ýerden gaz turbasy geçýär. 2. Goşgyny okaň. Has gara ýazylan sözleriň çe kimlisini gys­ ga edip aýdyp görüň we uzyn hem­de gysga aý dylanda aňladýan manysyny düşündiriň. Gadyr hakynda sergin dagyň gymmatyn Gola düşemde duýdum. Ýanýoldaşyň gadyryn Ýola düşemde duýdum. Mawy ýazyň bahasyn Bildim jöwza tomusda. Ojagymyň hözirin Aňdym ondan alysda. 10

See more

The list of books you might like

Most books are stored in the elastic cloud where traffic is expensive. For this reason, we have a limit on daily download.