Ýazyjy Ata Gowşudowyň “Perman” romanynyň ykbaly çylşyrymly boldy. Ol uzak ýyllaryň dowamynda birnäçe sebäplere görä, okyjylara mälim bolman galypdy. Ine-de ol roman siziň eliňizde. Bu kitapda edebi gahrymanlar, şonuň ýaly-da Öwezmyrat batyr, Dykma serdar, Seýitmyrat beg ýaly taryhy şahslar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz. Roman Gökdepe urşunyň gandöküşikli wakalaryndan başlap, sowet häkimiýetiniň üstün çykýan günlerine çenli döwri öz içine alýar.
Jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda redaktirläp çapa taýýarlan: N. Hojageldiýew.
Perman: Roman. — A.: Türkmenistan, 1989. — 616 s.