ebook img

Dünýä taryhy (XX-XXI asyrlar. III bölek. 2000-2014 ýý.) PDF

224 Pages·20.679 MB·Turkmen
Save to my drive
Quick download
Download
Most books are stored in the elastic cloud where traffic is expensive. For this reason, we have a limit on daily download.

Preview Dünýä taryhy (XX-XXI asyrlar. III bölek. 2000-2014 ýý.)

J. Hatamow, J. Gurbangeldiýew DÜNÝÄ TARYHY (XX–XXI ASYRLAR. III BÖLEK. 2000–2014 ýý.) Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin synag okuw kitaby Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2014 UOK 373:94 H 28 Hatamow J., Gurbangeldiýew J. H 28 Dünýä taryhy (XX–XXI asyrlar. III bölek. 2000– 2014 ýý.) Umumy orta bilim berýän mek depleriň XI synpy üçin synag okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. TDKP №244, 2014 KBK 63.3 (O) ýa 72 © J. Hatamow, J. Gurbangeldiýew, 2014. TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY Janym gurban saňa, erkana ýurdum, Mert pederleň ruhy bardyr köňülde. Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur, Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Gardaşdyr tireler, amandyr iller, Owal-ahyr birdir biziň ganymyz. Harasatlar almaz, syndyrmaz siller, Nesiller döş gerip gorar şanymyz. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! GIRIŞ Adamzat XXI asyra uly umytlar bilen gadam basdy. Ynsan paýhasy hem-de jepakeş zähmeti bilen gazanylan ähli tejribe bu asyrda öňe hereket etmegiň badalgasyna öwrüldi. XX asyryň ahyrynda «Sowuk urşuň» netijesinde iki ulgamyň gapma-garşy durmasynyň mirasy taryhyň gatynda galdy. 70 ýyllap dowam eden totalitar düzgün – SSSR-de sosializm gurmagyň stalinçilik ülňüsi dargady. Onuň zory bilen ösüşiň kommunistik ýoluny «synag» etmeli bolan Gün- dogar Ýewropa ýurtlary hem tebigy ösüş ýoluna düşdüler. Dünýä kartasynda geosyýasy üýtgeşmeler boldy. Energeti- ka çeşmelerine baý bolan döwletleriň dünýä syýasatyndaky ähmiýeti barha artyp başlady. XX asyryň başyndan başlap XXI asyryň başyna çenli dünýäniň syýasy kartasy tanalmaz ýaly derejede özgerdi. 7 Eger-de 1900-nji ýylda dünýäde bary-ýogy 55 sany özbaşdak döwlet bolan bolsa, Ikinji jahan urşunyň öňüsyrasynda olaryň sany 71-e, Ikinji jahan urşunyň yzýany – 1947-nji ýyl- da bolsa – 81-e ýetdi. Özbaşdak döwletleriň sany XXI asyryň başyna çenli has-da artdy. Häzirki döwürde dünýäniň syýasy kartasynda jemi 250 sany ýurt we territoriýalar görkezi- lip, 2014-nji ýylyň başyna çenli 195 sany garaşsyz döwletiň 193-si Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) agzasydyr. Özbaşdak döw letleriň ýarysy diýen ýaly Ýewraziýa materi- ginde, 50-den gowragy Afrikada, galanlary Amerikada, Aws- traliýada we Okeaniýada ýerleşýärler. Dünýä döwletleri döwlet gurluşy, geografik ýerleşişi, tutýan meýdany, ilatynyň sany boýunça dürli-dürlüdirler. Döwlet gurluşy boýunça dünýä döwletleri respublika we monarhiýa (patyşalyk) dolandyryşly döwletlere bölünýär. Dünýäniň garaşsyz döwletleriniň esasy bölegi, ýagny 150-ä golaýy respublika gurluşly döwletlerdir. Garaşsyz Türkme- nistan – halk tarapyndan saýlanan Prezident tarapyndan dolandyrylýan respublikadyr. XX asyryň başynda monar- hiýa gurluşly ýurtlar köpdi, respublika gurluşly döwletler bolsa gaty azdy. Häzirki wagtda (2014-nji ýylda) dünýäde 41 sany monarhiýa gurluşly döwlet bar. Olaryň aglabasy Aziýada we Ýewropada, galanlary Afrikada, Okeaniýada, Amerikada ýerleşýär. 2008-nji ýylyň maý aýynda Nepalda 240 ýyllap dowam eden monarhiýa gurluşy ýatyrylyp, ýurt respublika öwrüldi. Dünýä döwletleri ilatynyň sany boýunça-da dürlüdir. Olaryň iň köp ilatlylary Hytaý (1 mlrd 347 mln), Hindis- tan (1 mlrd 288 mln), ABŞ (321 mln), Indoneziýa (249 mln), Braziliýa (203 mln), Päkistan (184 mln), Nigeriýa (174 mln), Bangladeş (157 mln), Russiýa (143 mln), Ýaponiýa (128 mln) ýaly döwletlerdir. Şu döwletlerde dünýäniň 60% halky ýaşaýar. Dünýäniň ilatynyň sany XX asyrda has çalt köpel- di. Eger-de 1900-nji ýylda dünýäniň ilatynyň sany 1 mlrd 8 658 mln bolan bolsa, BMG-niň ilat meseleleri boýunça komissiýasynyň 2014-nji ýylyň başyndaky sessiýasynda be- ren maglumatyna görä, ol 7 mlrd adama ýetdi. 2009-njy ýyl- da şäher we oba ilatynyň sany takmynan deňleşdi. XXI asyrda dünýä barha global häsiýete eýe boldy. Dünýäniň sebitleriniň birek-biregi bilen baglylygy artdy. Eger geçen asyryň başynda okeanyň aňyrsyndaky Ameri- ka bilen Ýewropanyň ýa-da Aziýanyň arasyndaky gatnaşyk ujypsyz häsiýete eýe bolan bolsa, indi olaryň birek-bireksiz «oňmagy» asla mümkin däl ýagdaýa geldi. Dünýä ýurtlary barha utgaşykly ösüş ýoluna düşdi. Braziliýa, Russiýa, Hin- distan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy ýaly döwletler öz mümkinçiliklerini birleşdirip, dünýä syýasatyndaky or- nuny berkitmäge girişdiler. XXI asyr – teoriýanyň praktika bilen aýakdaş gidýän asyry. Indi adamzat diňe bir täze eden ylmy açyşlaryny däl, eýsem, geçen aşyrdaky açyşlaryny hem durmuşa or- naşdyrmaga mümkinçilik aldy. Täze tehnologiýalary ýa- samakda, gen inženeriýasynda, biotehnologiýada, energ i- ýa nyň adaty bolmadyk çeşmelerini oýlap tapmakda ylym barha uly üstünliklere eýe bolýar. Nanotehnologiýalar mad- dalaryň «özenine» barha içgin aralaşmak bilen, adamyň is- legine görä, olaryň gurluşyny amatly, ýaramly hem berk hä- siýete getirmegiň syryny agtarýar. XX asyr kosmiki tizligiň asyry bolupdy. XXI asyrda bu tizlik has-da artdy. Indi öýjükli telefonlar, bütindünýä Internet tory, sanly aragatnaşyk adamzadyň özara habar- lylygyny has ykjam hem sesiň tizliginden-de çalt ýagdaýa getirdi. Dünýä barha wirtual häsiýete geçdi. Jemgyýetdä- ki zerurlyk ylmyň we bilimiň ösüşini çaltlandyrmagy talap edýär. Informasion-kommunikasion tehnologiýalaryň we Internet ulgamynyň ähmiýeti barha artýar. Ine, şu zatlaryň ählisi döwrüň dünýäniň ylym-bilim ulgamy bilen aýakdaş gitmegini bizden talap edýär. Şol 9 hakykatdan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda «Türk- menistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» kabul eden Permany bilen Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim bermegiň möhleti 12 ýyla ýetirildi. Ýaşlary ýokary okuw mekdeplerine taýýarlamak maksady bilen mekdeplerde birnäçe täze dersler girizildi. Ýokary okuw mekdeplerinde iki basgançakly ulgama (bakalawrlyk we magistrlik) geçilip başlandy. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 2014–2015-nji okuw ýylynda iňlis dilinde okadylýan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwer- siteti açyldy. Açylýan täze hünärler mekdebi tamamlaýan uçurymlarymyzyň gumanitar, jemgyýetçilik-syýasy ugurly dersleri çuňňur bilmegini talap edýär. Şunda Dünýä taryhy dersine möhüm orun degişlidir. Gadyrly ýaşlar! Eliňizdäki okuw kitaby dünýä taryhy nyň iň täze döwrüniň wakalaryny, has takygy 2000-nji ýyldan 2014-nji ýylyň 12-nji awgustyna çenli wakalary öz içine alýar. Wakalaryň yzygiderli gini saklamak üçin käbir tema larda XX asyryň II ýarymyndaky wakalar hem öz beýa nyny tapdy. Okuw ýylynyň dowamyn da XXI asyryň başla ryna çenli dünýäniň syýasy kartasynda bo lup geçen özgerişleri, dünýä ýurtlarynyň ösüş aýratynlykla ryny, aýry-aýry ýurtlaryň syýasy, ykdysady, medeni ösüşle rini, hal kara gatnaşyklarynyň taryhyny, ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň ösüşini we başga-da köp mesele- leri öwreneris. Dünýä ýurtlarynyň daşary syýasatlaryn da Ga raşsyz Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny, Türkmenis- tanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Türkmenistany dünýä tanatmak ugrunda alyp bar ýan tagal lalaryny öwreneris. Biz dün ýä taryhyny öwre- nenimizde-de Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgelerden ugur alarys. Okuw kitaby ýazylanda, awtorlar dünýä tejribesinden hem-de milli ýörelgelerimizden ugur aldylar. Okuwçyla- 10

See more

The list of books you might like

Most books are stored in the elastic cloud where traffic is expensive. For this reason, we have a limit on daily download.